<?xml version="1.0" encoding="UTF-8"?><song><hymn_number>31</hymn_number>
<title>Durmuşym Isaň elinde N31</title>
<lyrics>[V1]
 Adamlar üns beriň
 Hudaýyň Sözüne,
 Gymmatlydyr her adam
 Isa Mesihe,
 Isa öwrülen gutular
 dowzahdan,
 Meniň durmuşym
 Isanyň elinde.

[V2]
 Gögüň-ýeriň Patyşasy
 Rebbimiz Isa,
 Patyşalaryň Patyşasy
 Rebbimiz Isa,
 Meniň Hudaýym
 ýeke-täk Isa,
 Meniň durmuşym
 Isanyň elinde.

[V3]
 Hudaýyň keşbi
 Isanyň Özi,
 Isanyň Özi
 Hudaýyň Sözi,
 Hudaýyň Sözi älemi
 ýaratdy,
 Meniň durmuşym
 Isanyň elinde.

[V4]
 Ýürekden agtargyl
 Hudayň ýüzüni,
 Kalbyňa çagyrgyl
 Isa Mesihi,
 Ýerine ýetirgil
 Hudaýyň islegini,
 Meniň durmuşym
 Isanyň elinde.

[V5]
 Isada günäden,
 gutulma bardyr,
 Isada dirilik
 çeşmesi bardyr,
 Isada Ebedi
 Ýaşaýyş bardyr,
 Meniň durmuşym
 Isanyň elinde.

[V6]
 Her kimiň bolsa
 Halasgäri Isa,
 Her pursat ýetişer
 Hudaý dadyňa,
 Elmydam ýagşylyk et
 sygynyp Isa,
 Meniň durmuşym
 Isanyň elinde.

[V7]
 Her kim sygynsa
 Isa Mesihe,
 Baky alkyş okasyn
 Ata-Hudaýa,
 Çünki Hudaý saýlady,
 bizi Mesihde,
 Meniň durmuşym
 Isanyň elinde.

[V8]
 Isada halas bolan
 bagtlydyr,
 Isada wepaly ýaşan
 bagtlydyr,
 Hudaýyň sowgadyna
 ýeten bagtlydyr,
 Meniň durmuşym
 Isanyň elinde.</lyrics>
</song>